“Çaga eziz- edebi ondanam eziz”

1506
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen jümlelerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde talyplaryň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025 ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çäre Institutyň uly mejlisler binasynda, 2025 ýylyň 24-nji aprelinde geçdi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Wagyz-nesihat ýygnagynda çykyş edenler:
1.Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni - Baýramsoltan Myradowa
2.Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogultäç Babaýewa
3.Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili, kapitan- Oguljan Gurbangulyýewa
4.Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogulsabyr Rejepowa.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletlerimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip belleýär.
Ýaşlaryň Watana il-halkyna wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýörite guramalardan, jemgyýetçilik edaralaryň işgärleriniň, mugallymlaryň, lukmanlaryň, enelerimiziň ýokary okuw mekdebimize gelip, gymmatly wagtlaryny sarp edip wagyz etmegi aýratyn bellärliklidir.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň "Aýdyň ýollar" medeniýet toparynyň ýerine ýetimeginde “Türkmen gelin gyzlary” aýdymy,“Gyzlar ” we “Gopuzly" tanslary ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-bähbitli ýurt ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap, jemleýji syýasy aýdymy bilen wagyz-nesihat duşuşygy jemlendi.
Bu ýygnaga gelen myhmanlarymyzyň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň görkezme çykyşlary hem-de millilik bilen garşylanmaklary, üme dessurynyň ýerine ýetirilmegi, ulag diplomatiýasyna degişli çykyşlary, lanşaft dizaýn bilen bagly görkezilen eserler myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Baýramgül Kulyýewa,
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20