Ýaryş ussatlary saýlaýar
3063 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, ulag we kommunikasiýalar ulgamynda gazanylýan üstünlikleri we raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny publisistik makalalaryň, hekaýalaryň we goşgularyň üsti bilen beýan etmek boýunça hem-de Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli yglan edilen “TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR” atly döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary istitutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň uly mugallymy Gyzylgül Gurbanowa Baş baýraga mynasyp boldy.Bäsleşigiň ýeňijisi Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat haty we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly sowgaty bilen sylaglandy.