Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlidir
60 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň“Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlidir” diýen ajaýyp setirlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlarynyň gatnaşmagynda “Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär. Ulgamyň ösüşinde gazanylan uly öňegidişikler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir.
“Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz nesihat ýygnagynda çykyş edenler, ýagny Ogulmaral Allabaýewa – Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmany, Akjagül Ataýewa – ASNA we RKOAM-niň psihiatr narkolog lukmany hem-de Sülgün Orazowa - Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap arassacylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmany, öz çykyşlarynda sepgitde saglyk kadalaryny berjeý etmek barada talyplara giňden düşündirip geçdiler. Esasan talyplara bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy, açyk arassa howada gezelenç etmegi, umumy ýaşaýyş jaýynda arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip durmaklygy, ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmalydygy, özbaşdak derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini ulanmaly dälligi, olar özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biljekdigi barada nygtap geçdiler. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içip saglyklaryny berkitmeli.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.
Çykyşlarda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
Institunyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy B.Kulyýewa