Bedew baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk duşuşygy

1365 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly baýramçylyk duşuşygyna aýratyn many-mazmun beren institutyň eýwanynda ýörite gurnalan sergi, ýagny bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, türkmen behişdi bedewleriniň aýratyn owadanlygyny ýetirip bilen suratkeşleriň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren sungat eserleri, bedewler üçin ýörite zergärleriň inçeden sünnäläp ýasan şaý-sepleri hem-de amaly-haşam sungatynda bedewleriň eksponatlary ýerleşdirildi.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu sergini atçylyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň nyşany hökmünde kabul etdiler.
Baýramgül Kulyýewa
Institutyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20