SUHANGÖÝLÜK SUNGATY BOÝUNÇA YGLAN EDILEN BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI

1246 Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň röwşen geljegini, abadan ýaşaýyş we durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biridir. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, tärlerini kesgitleýär.
Ýaş wagyzçylaryň we suhangöýleriň täze neslini kemala getirmek we bu ugurda öňdebaryjy ýaşlaryň goruny döretmek maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýaşlarynyň arasynda Suhangöýlük sungaty boýunça yglan edilen bäsleşiginde:
- I orna mynasyp bolan Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýnabat Şükürbaýewa;
- II orna mynasyp bolan Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallym Bagtygözel Kakabaýewa;
- II orna mynasyp bolan Demir ýol ulaglar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Dawut Gurbanow;
- III orna mynasyp bolan Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýazgeldi Nazarow;
- III orna mynasyp bolan Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Selbi Nurmuhammedowa;
- III orna mynasyp bolan Demir ýol ulaglar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Oguljan Sähedowa.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Inženerçilik ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Sylap Atamyradow.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20