Döwrebap okuw usuly işler

392 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň guramagynda geçirilen hepdeligiň çäginde giň göwrümli işler ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň gurnamagynda Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy dersi boýunça fakultetara 1-nji ýyllyk talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi
Şeýle hem, Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň geçiren hepdeliginiň çäginde Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy, Materiallaryň garşylygy hem-de Kompýuter grafikasy dersleri boýunça “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan nusgalyk amaly okuwlaryň teleýazgylary geçirildi.
Geçirilen okuw-usuly işler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy we şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülşirin Agaýewa, Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20