Olimpiýadalar

1011

registrasiýa üçin : https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScWE2nUUCTxcRGZXL8wv9UF1Zvv95GhiIeEfTibIg1qE6sSEw/viewform?usp=dialog

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça
DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasyny (mundan beýläk – Internet olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Internet olimpiadanyň esasy maksady:
- talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmaga höwes döretmek;
- ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem, gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.
Internet olimpiadanyň wezipeleri:
- häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek;
- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.
II. Internet olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1. Internet olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
2.2. Guramaçylyk topary:
- Internet olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- Internet olimpiadasyny geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;
- Internet olimpiadasyna gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
- Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.
III. Talyplaryň Internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1. Internet olimpiada umumy hünär dersler toplumynyň “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça ýumuş işlemek görnüşinde (online tertipde) geçirilýär.
3.2. Internet olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.
3.3. Internet olimpiadasynyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.
3.4. Internet olimpiada öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen talyplar gatnaşyp biler. Talyplaryň sany çäklendirilmeýär.
3.5. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri maglumatlaryny 2025-nji ýylyň 7-nji maýyna çenli, tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly ýa-da https://tituki.edu.tm/campus institutyň resmi saýtynda hasaba durmaly.
3.6. Internet olimpiada 2025-nji ýylyň maý aýynyň 10-na, Aşgabat wagty bilen sagat 1100-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar olimpiada başlanan wagty https://tituki.edu.tm/campus institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler we ZOOM programmasynyň üsti bilen gatnaşyjylara ugradylar.
Internet olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 20 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumşyň belgisini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary gysga wagtda we amatly usul bilen çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Şeýlelikde olimpiadanyň ýumuşlaryny doly we dogry ýerine ýetiren gatnaşyja 100 ballyk baha berilýär.
3.7. Internet olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär.
3.8. Internet olimpiadasynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň ýeňijilerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar.
3.9. Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.
3.10. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.
IV. Internet olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
4.2. Internet olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3. Internet olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
registrasiýa üçin : https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScWE2nUUCTxcRGZXL8wv9UF1Zvv95GhiIeEfTibIg1qE6sSEw/viewform?usp=dialog

Подключиться к конференции Zoom
https://us06web.zoom.us/j/83713315044?pwd=r05ugvtJhcl0aOoKVkWBsaDrFlFMEv.1
Идентификатор конференции: 837 1331 5044
Код доступа: 943421

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20