TALYPLARYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIKLERI
281 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere baglydyr.Tamamlanyp barýan okuw ýylymyzyň aprel aýynyň 29-yna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň gurnamagynda “Matematika, tebigy we tehniki ylymlaryň nazary esaslary” atly ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäşleşikde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi 1-nji orna, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Gurbanow Diýar 3-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem aprel aýynyň 12-14-i aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly II halkara olimpiadasy hem geçirildi. Bu olimpiadada institutymyzyň talyplary Baýlyýew Ýalkapberdi, Baýramow Şöhrat, Gyzylowa Jemal, Goşaýew Soltan we Gurbanow Diýar bürünç medallara hem-de üçünji derejeli diplomlara eýe boldular.
Ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji çuňňur bilimli edep-terbiýeli, il-gününe wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň geljekde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň at abraýyny has-da belende götermekden, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.
Bazargeldi Sapargeldiýew
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary
matematika”kafedrasynyň mugallymy