“GÖZELLIGIŇ PAÝTAGTY SEN, AŞGABAT!” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

102 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda “Gözelligiň paýtagty sen, Aşgabat!” atly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşinden we Aşgabat şäher Büzmeýin etrap Ýaşaýyş-jaý ulanyş trestinden hem myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şunda Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşleri, onuň täsin keşbi ähli türkmenistanlylarda bolşy ýaly, bu ugurdaky bilermenlerde hem ýakymly duýgulary döredýär.
Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi onuň ykdysady görkezijilerini, maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär edýär. Bu bolsa, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Iň esasysy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýerli hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat şäherimiz bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asuda durmuşda parahat ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen halky «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermer binalary türkmeniň ak kalbyna çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyza, ene topragymyza çuňňur söýgi bar, senaly dillerde bize döwletli döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary bar.
Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy S.Atamyradow

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20