“BERKARAR DÖWLETIŇ YLHAM JOŞGUNY” WE “OWADAN ÝAZUW” BÄSLEŞIKLERINIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY

363 2025-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, “Nesil” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, umumyadamzat gymmatlygy bolan parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek maksady bilen, her ýyl ýokary derejede geçirilýän “Berkarar döwletiň ylham joşguny” atly şygyrýet bäsleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, “Biznes reklama” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen “Owadan ýazuw” atly bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny 2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmeginiň Tertibine laýyklykda ýokary derejede geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiklerine Türkmenistanyň Inžner-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Inženerçilik ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallym-öwrenjisi Nurmuhammet Haşyrow gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolmagy başardy we baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ol ýerde köpçilikleýin habar beriş serişdeleriniň guramagynda telegepleşikleri we birnäçe ylhamly zehinli ýaşlaryň çykyşlary hem ýazgy edildi.
Biz ýaşalara döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň ýollary açyp berýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdaýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bahbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Inžnerçilik ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy S.Atamyradow

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20