“Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

998 Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edep-terbiýe, öwüt-ündewler, nesillerimiziň ahlak arassalygy we ruhy gözelliginiň saklanylmagy aýratyn üns merkezindäki meseleleriň biri bolup, biz mugallymlaryň esasy maksady bolup durýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan Meýilnamasy esasynda, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen jümlelerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde talyplaryň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025 ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynyň birinde şeýle belläp geçýär: “Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmen maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäniz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz” diýip, aýtdy we maşgala binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini aýdyp geçýär.

Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdyr”, “Çaga eziz- edebi ondanam eziz” diýen pähime eýerýän türkmen maşgalasynda nesil terbiýesine ýaşlykdan uly üns berilýändigin bellemek bolar. Şulardan ugur alyp, kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewleri bilen kemala gelen uýat-haýalygy, işeňňirligi, ahlak päkligi, töwereginde mylakatlylygy bilen tapawutlanýan gyzlarymyzy göremizde biz guwanýas, buýsanýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar Watanymyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, aýratyn hem ýaşlaryň Watana il-halkyna wepaly ýaşlar bolup ýetişmekligiňiz üçin ýörite guramalardan, jemgyýetçilik edaralaryň işgärleriniň, mugallymlaryň, lukmanlaryň, enelerimiziň ýokary okuw mekdeplere gelip, biz üçin gymmatly wagtlaryny sarp edip wagyz etmegi aýratyn bellärliklidir. Ýokary okuw mekdebimize çykyş etmek üçin gelen hormatly myhmanlarymyz:
1) Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni -Baýramsoltan Myradowa
2) Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogultäç Babaýewa
3) Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili, kapitan- Oguljan Gurbangulyýewa
4) Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogulsabyr Rejepowa.
Sözümiň ahyrynda bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, ýagny talyp ýaşlaryň okap bilim almaklaryna, biz mugallymlaryň ýaşlara bilim bermekde işimiziň has-da kämilleşmegine amatly şertler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Baýramgül Kulyýewa,
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20