“Bitaraplyk-buýsanjymyz”atly online ylmy seminar geçirildi.
690 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Inžiner-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk-buýsanjymyz”atly online ylmy seminar geçirildi.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň örän uludygynyň, parahatçylyga, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.Bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine bolsa 80 ýyl bolýar. Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen otuz ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginiň iň ynam dar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Ýer ýüzüniň halklarynyň ynanyşyp,ysnyşyp, parahatçylykda ýaşamaklarynyň, dünýä giňişliginde asuda durmuşyň höküm sürmeginiň hatyrasyna Türkmenistan bilen BMG-niň maksatlary biri-birinden asla üzňe däldir. Gowy işlerde maksatlaryň birligi bolsa hemişe belent abraýa ýetirip, hormat getirýär.
Seminarda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, talyplar gatnaşyp özlerinde gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Umuman seminarda professor-mugallymlar bilen talyplaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, seminarlary guramak we täze zehinleri ýüze çykarmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýaş nesillerimizde ata-Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirmek döwlet syýasatyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen dilini, edebiýatyny we taryhyny hil taýdan kämilleşdirmek, milli, ruhy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak babatynda berýän goldaw-hemaýatlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, ähli başlangyçlary, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Bagtygözel Kakabaýewa’
Jemgyýeti öwreniş ylymlary öwreniş kafedrasynytň mugallymy