«Lomonosow» atly halkara ylmy maslahatynyň Türkmenistandaky meýdançasy üstünlikli geçirildi
1083 “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.2025-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ilkinji gezek talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly giň gerimli halkara ylmy maslahatynyň Türkmenistandaky meýdançasy geçirildi. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti bilen bilelikde guralan bu çäre ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy.
Bu maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Logistika kafedrasynyň mugallymy Ussaýewa Aýlar hem öz ylmy makalasy bilen, ýagny “Использование цифровых ресурсов при обучении иностранному языку” atly makalasy bilen çykyş etdi.
Maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmekde bilim tehnologiýalarynyň orny» atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik hem-de «Aýrylmaz baglanyşyk: dil we medeniýet» atly sergi guramaçylykly geçirildi.
Halkara ylmy maslahatyň «Pedagogika bilimi we döwrebap bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümlerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlar edildi. Mundan başga-da, iň oňat işler diplomlar we degişli hormat hatlar bilen sylaglandy.
Şeýle-de, gatnaşyjylaryň ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysynyň neşir edilmegi hem meýilleşdirilýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde döredilýän giň mümkinçilikler, ylym-bilim giňişliginde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde diňe üstünlikler arzuw etdiler.
Ussaýewa Aýlar Arslangylyjowna
Logistika kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý