“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigi geçirildi
201 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim, ylym ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça täze startaplara (Startup) badalga bermek, şeýle hem innowasiýa täjirçilik ýumuşlaryny çözmek üçin bilimlerini, başarnyklaryny, logiki pikir ýöretme we telekeçilikendiklerini döredijilikli ulanmaklaryny goldamak maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigi geçirildi. Taslama bäsleşigine ýaş hünärmenler, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Taslama bäsleşigine gatnaşýan ýaşlar öz aralarynda ýedi ugur boýunça, ýagny Emeli aň, Robotehnika we awtomatizasiýa, Akylly oba hojalyk tehnologiýalary, Akylly şäher, Bilim we elektron okuwy, Sanly lukmançylyk, Hyzmatlar ulgamy boýunça bäsleşdiler. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda taslama bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän ýaşlara sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat “Arkadag mobil programmasy” atly taslamasy bilen 200-den gowrak gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat “Arkadag mobil programmasy” atly taslamasyna Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhananyň ykdysadyýeti” kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Myradow Ýusup Hanmyradowiç ýolbaşçylyk etdi. Talyplarymyzyň we mugallymlarymyzyň bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bize okamaga, işlemäge we döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi Ýusupowa Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy