V AÇYK HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA (OMOUS-2025) TALYPLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI
159 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýjüne, dünýäde hoşniýetlilik we dostluk baýdagyny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy öňdebaryjy kuwwatly döwlete öwürmekdäki röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ösüşlerinde, alyp barýan parahatçylyk syýasatymyzda Magtymgulynyň şygryýet dünýäsindäki sagdyn pikirleriň, ideýalaryň özeni hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň “Berkarar döwletimizde, bagtyýarlyk eýýamymyzda hem Magtymgulynyň mertebesi has-da belende göterilýär, akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, durmuş zerurlygy bilen delillenýän köpugurly ideýalary şu günki kämil jemgyýetimiziň ruhy binýadydyr” diýip bellemegi, akyldar şahyrymyz Magtymgula goýýan hormatynyň uludygyny görmek bolýar.Ýurdumyzda aprel aýynyň 13-18-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Halkara Ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2025)” atly halkara bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşik düzgünnama laýyklykda ýekeleýin we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Talyplar ýekeleýin tapgyrda 6 sany we toparlaýyn tapgyrda 10 sany meseleleri çözmekde güýjüni synanyşdylar. Bu bäsleşikde biziň institutymyz hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýekeleýin görnüşde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi 1-nji orna, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyplary Baýramow Şöhrat we Gurbanow Diýar 3-nji orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Gyzylowa Jemal we Goşaýew Soltan 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmeginde talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.
Bazargeldi Sapargeldiýew
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary
matematika”kafedrasynyň mugallymy