«Sagdyn bedende – sagdyn ruh»

816 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ussatlygynyň hili has hem kämilleşdirilýär. Muny türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryndaky gazanan üstünlikleri hem tassyklaýar. Bularyň hemmesi dünýäde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky abraýyny has hem ýokarlandyrýar we berkidýär. Sporty giňden ösdürmekde we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda diňe bir ýaşlar babatynda däl eýsem uly ýaşlylaryň sagdyn ýaşamagy ugrunda hem birnäçe aladalar edilýär. Hut şonuň üçin köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda eýýäm däbe öwrülen "Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" şygary bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary eýýam birnäçe ýyl bäri gyzgylaňly geçirilip gelinýär.
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" atly XIV Uniwersiadanyň düzüminde bolan sportuň "Tigir sürmek" görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda institutymyzyň "Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk" fakultetiniň 1-nji ýyl talyp türgeni Taganowa Gülsona üstünlikli çykyş edip III orna mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda adam saglygyna, sporta we bedenterbiýä ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Taryhy taýdan gysga wagtyň içinde Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň we umumydöwlet çäreleriniň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we ýokary derejeli sportuň ösmegine giň ýol açyldy.
Pursatdan peýdalanyp, biziň her birimizi şeýle sagdynlyk, bagtyýarlyk ýolundan ýöremäge çagyrýan, biziň bagtly durmuşda sagdyn ýaşamagymyz barada ägirt uly aladalary edýän mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý ýurt Baştutanymyzyň mundan beýlägem il-ýurt bähbitli işleri rowaçlansyn!



Setdarberdi Rejepberdiýew ,
Institutyň Sport klubynyň başlygy, Türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, Halkara derejeli emin, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20