“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasy
214 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasyny 2025-nji ýylyň geçirýär.Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri maglumatlaryny 2025-nji ýylyň 7-nji maýyna çenli, tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly ýa-da https://tituki.edu.tm/campus institutyň resmi saýtynda hasaba durmaly.
Internet olimpiada 2025-nji ýylyň maý aýynyň 10-na, Aşgabat wagty bilen sagat 1100-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar olimpiada başlanan wagty https://tituki.edu.tm/campus institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler we ZOOM programmasynyň üsti bilen gatnaşyjylara ugradylar.
Internet olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 20 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumşyň belgisini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary gysga wagtda we amatly usul bilen çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Şeýlelikde olimpiadanyň ýumuşlaryny doly we dogry ýerine ýetiren gatnaşyja 100 ballyk baha berilýär.
“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
Internet olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Internet olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
Подключиться к конференции Zoom
https://us06web.zoom.us/j/83713315044?pwd=r05ugvtJhcl0aOoKVkWBsaDrFlFMEv.1
Идентификатор конференции: 837 1331 5044
Код доступа: 943421
registrasiýa üçin https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScWE2nUUCTxcRGZXL8wv9UF1Zvv95GhiIeEfTibIg1qE6sSEw/viewform?usp=dialog