AWIAMODEL SPORTY BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONAT GEÇIRILDI

1054 “Uçuş” uçuş-tehniki jemgyýetçilik sport klubynyň, şeýle-de Aşgabat aeroklubynyň gurnamagynda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hemaýat etmeginde 2025-nji ýylyň 20-nji aprelinde awiamodel sporty boýunça açyk çempionat geçirildi. Logistika kafedrasynyň mugallymy, “ Awiakonstruktorçylyk-inženerçilik” gurnagynyň ýolbaşçysy I. Kertikowiň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň “Howa ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň düzümindäki Awiakonstruktorçylyk-inženerçilik gurnagyna gatnaşýan “Howa hereketini dolandyryş” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary gatnaşyp Planeriň A-1 görnüşi boýunça 1-nji orna Rahmatullaýewa Nigara, planeriň A-3 görnüşi boýunça 1-nji orna Aşyrgeldiýewa Aýnur, raketa model boýunça 2-nji orna, planeriň A-2 görnüşi boýunça 3-nji orna Myradow Mekan, raketa model boýuça 3-nji orna we tejribe uçar nusgasy boýunça 3-nji orna Baýrammyradow Kerwen mynasyp boldylar. Olar Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň hormat hatlary we sowgatlaryna mynasyp boldylar.
Şeýle hem bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, ýagny Oguz han adyndaky Inžener tehhnologiýalary instituty, Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Aşgabat aeroklubunyň türgenleri we bilim ulgamyndaky gurnaklary gatnaşdylar.
Bize şular ýaly döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun! Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Sylap Atamyradow.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20