BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR
5105 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.Ýakynda institutymyzyň wagyzçy mugallymlar toparynyň agzalarynyň, Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň mugallymlarynyň hem-de “Landşaft dizaýny hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Magtymguly medeni-seýilgähler toplumynda okuw-tejribeligi geçirildi.
Paýtagtymyza gözellik paýlaýan Magtymguly medeni-seýilgähler toplumynda geçirilen tejribelik okuwy Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we seýilgähiň dizaýn gurluşlarynyň görnüşini şekillendirmäge, şeýle hem talyplaryň dizaýnçylyk bilimini artdyrmaga, olaryň bu babatda ylmy medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berdi.
Magtymguly medeni-seýilgähler toplumynda geçirilen tejribelik okuwynda talyplar şäherimiziň binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirkizaman ösüşlerini we milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgähiň gözelligini uly buýsanç bilen synladylar, şeýle hem, owadan seýilgähiň bezeg aýratynlyklaryny öwrendiler we bular barasynda öz çeken suratlarynda aýdyň beýan etdiler.
Okuw-tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy. Göçme okuw-tejribeligi “Aşgabat” hem-de “Miras” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy