7-NJI APREL – BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI

5163 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň alyp barýan giň gerimli syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, bedenterbiýe sport hereketi esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi. Däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň 7-de ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giň gerimde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “SAGDYN NESIL – BERKARAR WATANYMYZYŇ ROWAÇLYKLARYNYŇ WE ÜSTÜNLIKLERINIŇ GÖZBAŞYDYR” atly baýramçylyk sport çäresi geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da uly ähmiýete eýe bolan bu sport baýramçylygynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Esasan hem sportuň futbol, woleýbol, basketbol, stolda oýnalýan tennis görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, sportuň oýun görnüşleri bolan küşt, düzzüm, şaşka görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşiklere talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmaklyk köpsanly ildeşlerimiziň berk bedenli, belent ruhly bolmagyna itergi berse, ýaşlarymyzyň sagdyn, gujurly, giň düşünjeli, hakyky watançy nesil bolup ösüp ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen sport dabarasyna ýokary okuw mekdebiň aýdym-saz toparynyň aýdymçylary hem gatnaşyp, dabaranyň baýramçylyk täsirini has-da artdyrdylar. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça alyp barýan giň möçberli işleri, her bir ýaňlanan aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapdy.
Bu geçirilen sport çäresi, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň ynsan saglygy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20