Talyplar bilen geçirilen okuw tejribeligi

8562 Bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw, ylmy-barlag işlerine we önümçilik bilen bagly barlag işlere köpçülikleýin çekmekde, olarda ylmy-barlaglara gyzyklanma döretmekde, alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar uly göwrümli işleri alyp barýarlar. Şu işleriň içinde kafedralarda döredilýän we işleýän ylmy gurnaklar aýratyn orun tutýar. Gurnaklarda nazary we amaly ähmiýetli meseleleri goýmak we çözmek talyplaryň degişli ugurlar boýunça biliminiň artmagyna we çuňlaşmagyna, tejribeleri guramak we geçirmek üçin usuly endikleriň kemala gelmegine, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmegiň iň öňdebaryjy usullaryny öwrenmeklerine, informasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak, almak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti özlerinde terbiýelemäge ýardam berýär. Gazanylýan netijeleri ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar arkaly beýan edip, ara alyp maslahatlaşmak, makalalar taýýarlamak we çap etmek, bäsleşiklere hödürlemek talyplaryň gurnaklardaky işlere höwesleriniň has-da artmagyna getirýär.
Ýokary okuw mekdebinde maddy-tehniki binýady dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, okuw tejribelikleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda işleri talaba laýyk alyp barmak babatynda hem giň göwrümli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, ýokary okuw mekdebiniň “Suw üpjünçiligi” tejribehanasynda we “Ýaş dizaýnçylar” otagynda Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan döwrebap tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti talyplarda terbiýelemek maksady bilen okuw tejribelik sapaklary geçirildi.
Geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamakda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralýan bu döwrebap okuw tejribeliklerinde bilim bermegiň täze usullary we maglumat tehnologiýalary giňen ulanylýar. Şunuň ýaly döwrebap okuwlar talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem-de talyplaryň halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20