"Açyk gapylar gününe çagyrýar

4930 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2025-2026-njy ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän umumy bilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadyljak harby gullukçylary, edara kärhanalarda işleýän ýaşlary 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda we 10-njy maýynda sagat 15:00-da
"Açyk Gapylar" gününe çagyrýar.
"Açyk gapylar" gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyň okuw binalary, barlaghanalary, kitaphanalary we institutda alnyp barylýan okuw-tejribeleik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20