Halkym-milliligiňe dünýä aşykdyr

9424 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan bedew-batly at myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ruhyýeti kalby bilen utgaşyp,milliligi süňňüne siňen türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar.Şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde,ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär.Türkmen halky gadymy halk bolşy ýaly,onuň däp-dessurlary,edim-gylymlary, edep terbiýesi hem örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär.Öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň,pederlerimiziň pähim-paýhasynda jemlenýän milli terbiýämiziň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr.Geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde maşgala mukaddesliklerini milli ýörelge hökmünde dowam etdirýärler.Gyzlarymyza berilýän terbiýe milli ýol ýörelgelerden ugur alýar. Çünki milli ýörelgelerimiz ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribeleriniň kämil nusgasydyr.Olary ýaşlaryň aňyna siňdirmek bilen, şol milli ýörelgeleriň nesillerde dowam etmegi gazanylýar. Halkymyzda gyz maşgala ýaşlykdan öýdeçil bolmaklyk, arassaçylyk, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, el işlerine çeper bolmak, zähmetsöýerlik öwredilipdir.
Biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda hem halypa zenan mugallymlarymyzyň gurnamagynda “Çeper eller” ýaly gurnaklar hereket edýär.Biz hem talyp gelin-gyzlarymyz bilen bilelikde bu gurnaklara uly höwes bilen gatnaşyp, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriň birnäçe dürli görnüşlerini öwrenýäris.
Ynha şu gün hem ýokary okuw mekdebimiziň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda, institutymyzyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň şeýle hem Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmeniň baý milli mirasy” atly gepleşigi ýazga geçirildi.Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygyr bolup ýaşaýar.Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşginligi bilen tapawutlanýar.Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň,gelin-gyzlarymyzyň zehininden,yhlasly zähmetinden kemala gelýär.Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejemiziň ömür ýoly, bize miras galdyran ajaýyp el işleri bu günki gün biz gelin-gyzlara keşdeçilik sungatyny öwrenmekde görelde mekdebi bolup durýar.Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa hem bu gün bu milliligi,keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam edip, biz gyz-gelinlere nusgalyk ýol-ýörelge görkezýär. Zenanlar gözüniň gören,göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler.Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler.Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar.Milli lybaslarymyzyň,kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip,nagyşlanyşyny synlanyňda,ene-mamalarymyzyň “Iňňe bilen guýy gazan ýaly”diýen sözüniň asyl manysyna düşünmek bolýar.Türkmen zenanlaryna bolan näziklik,mähirlilik,gözellik,asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenendir.
Pursatdan peýdalanyp,halkymyzyň medeni mirasyny,milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak,geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalbymyzdan köp sagbolsun aýdýarys.Goý Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,ömürleri uzak bolsun,il-ýurt bähbitli tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Aýnabat Şükürbaýewa.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20