“HAKYDA GÖWHERI” ATLY KITABY – MILLI MEDENI WE RUHY GYMMATLYKLARYMYZYŇ BUÝSANÇLY BEÝANY

552 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby – milli medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň buýsançly beýany” atly onlaýn ylmy seminar geçirildi.
Geçirilen seminar öz işini iki bölümde beýan etdi. Seminaryň “Taryha syýahat” atly birinji bölümi “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýeti”, “Bürünç zamanynyň medeni ojaklary”, “Beýik Seljuklar döwri”, “Horezmşalar döwleti”, “Ruhy miras” atly ikinji bölümi “Zehin aýdyňlygy, paýhas käni”, “Oguznama” – dünýä baýlygy”, “Täsin söhbediň beýany”, “Hazyna eýesine hazynadar diýerler”, “Döwletliniň döwlet gözbaşy”, “Gadymy heňňamyň aýdymy” diýen temalara bagyşlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň, edebi-çeper beýanyna öwrülen ajaýyp “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çuňňur many-mazmuny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda döwlet we halkara derejesinde parahatsöýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatymyzy, köpugurly, baý mazmunly medeni çäreleri geçirmek arkaly, möhüm syýasy wakalar bilen täze taryhy döwrümiziň şöhratly üstünliklerini, gazanýan mynasyp ösüşlerimiz wasp edildi.
Ýaşlarda milli mirasymyza, ata-Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize bolan belent buýsanjyny has-da artdyrmak mynasybetli ýaşlaryň öz ukyp başarnyklary we zehinleri ýüze çykaryldy. Jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmagy, ýaşlaryň Watana söýgi we wepalylyk duýgusyny, Watanyň bähbitlerini goramaklyga we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmeklige bolan jogapkärçilikli garaýyşlary ýüze çykaryldy.
Seminarda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, talyplar gatnaşyp özlerinde gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Umuman seminarda professor-mugallymlar bilen talyplaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, seminarlary guramak we täze zehinleri ýüze çykarmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýaş nesillerimizde ata-Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirmek döwlet syýasatyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen dilini, edebiýatyny we taryhyny hil taýdan kämilleşdirmek, milli, ruhy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak babatynda berýän goldaw-hemaýatlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, ähli başlangyçlary, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Azat GYLYJOW
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň
uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20