INSTITUTYMYZDA GEÇIRILEN III HALKARA AÇYK INTERNET OLIMPIADASYNA GELIP GOWŞAN GUTLAGLAR

579 10-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna institutymyzyň zehinli talyp ýaşlary, professor-mugallymlary, gaýry ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary şeýle hem institutymyz bilen ähtnama esasynda gatnaşyklary alyp barýan daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden tejribeli professor-mugallymlary we alymlary sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşyp öz gutlaglary bilen çykyş etdiler.
Ýagny, Russiýa Federasiýasynyň Wolga döwlet suw ulaglary uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň direktory, ykdysady ylymlaryň dokdary, dosent Olga Iwanowna Kartaşowa “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasyna gatnaşýan zehinli talyp ýaşlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň M.F.Reşetnýow adyndaky Ylym we tehnologiýalar Sibir döwlet uniwerstitetiniň Kosmas tehniki institutynyň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Falkowa Ýekaterina Wladimirowna “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy bilen gutlap oňa gatnaşýan talyp ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Biz ýaşlara şeýle halkara ders bäsleşiklerini geçirmäge, şeýle hem gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdaýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Institutyň Ylym bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20