Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Açyk gapylar” güni geçirildi
882 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen jümlelerinden ugur alyp, ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Açyk gapylar” güni geçirildi. Bu günde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän ähli orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary hem-de mugallymlary ýokary okuw mekdebimizde myhmançylykda boldular. Bu çära ýokary okuw mekdebimiziň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalary, dekanlar, professor-mugallymlar hem gatnaşdylar.“Açyk gapylar” gününe bagyşlanan çäre institutyň Mejlisler binasynda çykyşlardan başlandy, çäräni alyp baran okuw işler boýunça prorektor G.Orazow. Çykyş eden dekanlar okuwçylary fakultetler bilen, okuwlaryň ugurlary hem-de hünärleri bilen giňden tanyşdyrdylar. Dekanlaryň çykyşlary okuwçy ýaşlar tarapyndan gyzyklanama bilen kabul edildi. Soňra ýokary okuw mekdebiň Ilkinji Zenanlar guramasy çykyş edip, gyzlaryň edep-ekramlylygy, millilik, ýokary okuw mekdepdäki gurnaklar hem-de geçirilýän çäreler barada okuwçylara aýdyp berdi.
“Açyk gapylar” güniniň dowamy ýörite bölümçelerde dowam etdirildi, ýagny okuwçylary sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetinde okaýan talyplaryň sapaklarynyň geçişi we gurnaklary bilen Ç.Gylyjowa tanyşdyryş wideoroligini görkezildi, ulag kafedrasynyň mugallymlary ulag diplomatiýasyna degişli eksponatlary, inženerçilik ulgamyna degişli işler bilen, ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň alyp barýan işleri bilen tanyş edildi.
Çäraniň jemleýji böleginde ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, ýagny talyp ýaşlaryň okap bilim almaklaryna, mugallymlaryň ýaşlara bilim bermekde işleriniň has-da kämilleşmegine amatly şertler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Baýramgül Kulyýewa
Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy