SUHANGÖÝLÜK SUNGATY BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

638 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne Institutyň Kitaphanasynda Ýaşlaryň öz ukyp başarnyklaryny we zehinlerini ýüze çykarmagy we jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmagy, ýaşlaryň Watana söýgi we wepalylyk duýgusyny, Watanyň bähbitlerini goramaklyga we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmeklige bolan jogapkärçilikli garaýyşlaryny terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri guramak we täze zehinleri ýüze çykarmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaş nesillerimizde ata Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemek, ýaş wagyzçylaryň we suhangöýleriň täze neslini kemala getirmek we bu ugurda öňdebaryjy ýaşlaryň goruny döretmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady Ýaş zehinleri we suhangöýleri ýüze çykarmak, Yaşlarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini terbiýelemek, Ýaşlaryň liderlik we ugurtapyjylyk häsiýetlerini kemala getirmek, Milli bähbitlerimize laýyklykda pikirlenýän ýaşlaryň, ýaş watançylaryň we wagyzçylaryň täze neslini kemala getirmek, Pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek, Bäsleşigiň netijeleri esasynda “Ýaş wagyzçylar” toparyny döretmek bolup durýar. Biz ýaşlara şular ýaly döredijilik bäsleşikleri guramaga, ylym, bilim bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sagbolsun belent başlary aman bolsun!

Inženerçilik ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Sylap Atamyradow.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20