“Çaga eziz- edebi ondanam eziz”
1502Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen jümlelerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde talyplaryň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025 ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çäre Institutyň uly mejlisler binasynda, 2025 ýylyň 24-nji aprelinde geçdi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Wagyz-nesihat ýygnagynda çykyş edenler:
1.Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni - Baýramsoltan Myradowa
2.Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogultäç Babaýewa
3.Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili, kapitan- Oguljan Gurbangulyýewa
4.Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy- Ogulsabyr Rejepowa.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletlerimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip belleýär.
Ýaşlaryň Watana il-halkyna wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýörite guramalardan, jemgyýetçilik edaralaryň işgärleriniň, mugallymlaryň, lukmanlaryň, enelerimiziň ýokary okuw mekdebimize gelip, gymmatly wagtlaryny sarp edip wagyz etmegi aýratyn bellärliklidir.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň "Aýdyň ýollar" medeniýet toparynyň ýerine ýetimeginde “Türkmen gelin gyzlary” aýdymy,“Gyzlar ” we “Gopuzly" tanslary ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-bähbitli ýurt ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap, jemleýji syýasy aýdymy bilen wagyz-nesihat duşuşygy jemlendi.
Bu ýygnaga gelen myhmanlarymyzyň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň görkezme çykyşlary hem-de millilik bilen garşylanmaklary, üme dessurynyň ýerine ýetirilmegi, ulag diplomatiýasyna degişli çykyşlary, lanşaft dizaýn bilen bagly görkezilen eserler myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Baýramgül Kulyýewa,
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy