TALYPLARYŇ NAZARY BILIMLERINIŇ TEJRIBELIKDE KÄMILLEŞDIRILIŞI
1806 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna, ýagny innowasiýalara, nanotehnologiýalara, sanly ykdysadyýete esaslanýan döwrüne aýak basdy. Şonuň üçin hem ykdysadyýetiň islendik pudagynda bäsleşikli ösüşde öňdäki hatarlary eýelemek üçin diňe döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş ýoluny saýlap almaly. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösdürmek we Türkmenistanyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini ýola goýmak köp derejede ýaşlaryň hünär ussatlygyna, bilim taýdan kämilligine baglydyr. Bu bolsa mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň “Howa ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary bilen Aşgabat şäherindäki “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Howa ulaglary ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezinde” göçme okuw-tejribelikleri geçdiler. Ýokary okuw mekdebimiziň “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy” hünärinde bilim alýan talyp ýaşlarda geçirilen bu tejribe okuwy uly täsir galdyrdy. Tejribelik okuwynda talyplar hünärmenleriň tanyşdyrmagynda rahat uçuşlary üpjün etmek boýunça howa gatnawlarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, olary dünýäniň ösen derejelerine laýyklykda alyp barmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýerli howa gatnawlaryny ösdürmek babatynda geçirilýän çäreler barasynda giň göwrümli maglumatlary aldylar.
2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly milletiň ykbalyny arşa göterýän, halkymyzy bagta alyp barýan beýik başlangyçlaryň ýylyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumly işlerinde adam baradaky aladanyň möhüm orny eýeleýändigi türkmen halkymyzy buýsandyrýar. Ýurdumyzyň şeýle ösüşlerine buýsanýan talyp ýaşlar hem geljekde ökde hünärmenler bolup Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşarlar.
Şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Gülşirin Agaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.