Hemişelik Bitaraplyk - abadançylygyň, durnukly ösüşiň gözbaşy.
4473 Türkmen halkynyň buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy ýetip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly senesini alamatlandyrýan bu baýramçylyk Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäde giňden bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat geldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi uly mana eýedir. Çünki Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda Bitaraplygyň we abadançylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna talyp ýaşlar hem öz goşantlary bilen barýarlar, ýagny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çeper höwesjeň talyplaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar, dünýä ýurtlarynyň medeniýetleriniň aýdym-sazly tanslary ýerine ýetirildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginden nyşandyr. Bagtyýarlygyň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!Kulyýewa Baýramgül.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy