“GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARY MYHMANÇYLYKDA

2421 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewlerimiziň şan-şöhraty barha belende göterilip, dünýä ýaň salýar.
Günüň gelşi säherinden belli, ýylyň gelşi äheňinden diýlişi ýaly, biz belent maksatlar uly arzuwlar bilen garşylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ilkinji wakalaryna, ynamly gadamlaryna ser salmak bilen, Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary, şanly ýylyň ähliumumy parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge gönükdirilen rowaç gadamlaryň badalgasyna öwrüldi.
Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyndaky “Galkynyş” milli at üstündäki toparynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görögly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlarynyň agzalarynyň her bir çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sünnälenip taýýarlanan ýörite bezeg şaýlary bilen birkezmsiz bezelen bedewlerimiziň owadanlygy milli lybasly ýigitleriň ynamly hem çeýe hereketleri, olaryň çykyşlaryny bezeýän tolgundyryjy sazlar bilen utgaşyp, dünýaniň tomaşaçylaryny haýran galdyryp, bu toparyň Altyn baýraga, şeýle hem ýörite baýraklara mynasyp bolmagyna getirdi. Bu ýeňiş ahalteke bedewlerine, atçylyk sportyna ýurdumyzda döwlet derejesinde üns berilýändiginiň, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny artdyrmakda, ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatyny ösdürmekde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly baýramçylyk duşuşygy ýokary okuw mekdebimizde guramaçylykly geçirildi.
Bu duşuşygyň esasy myhmanlary “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sungat ussatlary we şol toparyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew, bu toparyň ussat ýaş gyzlary, ýagny Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna Annaýewa, paýtagtymyzdaky saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Baýramdurdyýewa, 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synyp okuwçysy Aýlar Bebiýewa.
Baýramçylyk duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sungat ussatlarynyň ýürek joşgunlary talyp ýaşlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi, ýokary okuw mekdebimiziň “Aýdyň ýollar” medeniýet toparynyň ýerine ýetirmeginde bedew tansy, küşdepdi tansy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-bähbitli ýurt ähmiýetli işlerini wasp edýän jemleýji syýasy aýdym talyp ýaşlarymyz tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Bu dabara aýratyn goşmaça öwüşgin beren institutyň eýwanynda ýörite gurnalan sergi, ýagny bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, türkmen bedewleriniň aýratyn owadanlygyny ýokary ussatlyk bilen wasp eden suratkeşleriň sungat eserleri, hem-de amaly-haşam sungatynda bedewleriň eksponatlary ýerleşdirildi.
Ýene bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri bu, alyş ýurtlarda ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, eziz Diýarymyza dolanyp gelen sungat ussatlaryň arasynda ýaş gyzlaryň bolmagy has-da buýsandyrýar.
Türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň tutuş dünýäde arşa göterilmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-bähbitli ýurt ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Baýramgül Kulyýewa
Institutyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20