ARKADAG ŞÄHERINDE GURALÝAN DÖWREBAP OKUW TEJRIBELIKLERI BARADA GEÇIRILEN TEGELEK STOL

231 Bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw, ylmy-barlag işlerine we önümçilik bilen bagly barlag işlere köpçülikleýin çekmekde, olarda ylmy-barlaglara gyzyklanma döretmekde, alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar uly göwrümli işleri alyp barýarlar. Şu işleriň içinde kafedralarda döredilýän we işleýän ylmy gurnaklar aýratyn orun tutýar. Gurnaklarda nazary we amaly ähmiýetli meseleleri goýmak we çözmek talyplaryň degişli ugurlar boýunça biliminiň artmagyna we çuňlaşmagyna, tejribeleri guramak we geçirmek üçin usuly endikleriň kemala gelmegine, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmegiň iň öňdebaryjy usullaryny öwrenmeklerine, informasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak, almak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti özlerinde terbiýelemäge ýardam berýär. Gazanylýan netijeleri ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar arkaly beýan edip, ara alyp maslahatlaşmak, makalalar taýýarlamak we çap etmek, bäsleşiklere hödürlemek talyplaryň gurnaklardaky işlere höwesleriniň has-da artmagyna getirýär.
Ýakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri ösüş ýolunda” atly gepleşigiň nobatdaky sany geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebimizde maddy-tehniki binýady dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, okuw tejribelikleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda alnyp barylýan işler barasynda hem-de geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamakda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralýan döwrebap göçme okuw tejribelikleri barasynda çykyşlar edildi.
Halypa mugallymlaryň hem-de wagyzçy talyplaryň eden çykyşlarynda döwletli tutumlaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Tegelek stol Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20