“Şatlyk-şowhun bagta besläp diýary, hoş geldiň Täze ýyl eziz ülkäme!”

1032 Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, Täze ýyl baýramy ýetip gelýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelýän täze ýyly uly-umyt arzuwlar bilen garşy alýarlar.
Şu günler türkmen paýtagty has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň ähli babatda okgunly ösüşi, dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp orny, maksada okgunly parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da berkitdi.
Her birimizi buýsançly wakalardyr beýik ýeňişleri peşgeş beren 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyz şan-şöhrata beslenjek 2026-njy ýyly garşy almaga taýýarlanýar. Ýagny, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamaklarynda “Şatlyk-şowhun bagta besläp diýary, hoş geldiň Täze ýyl eziz ülkäme!” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi hem geçirildi. Bu çäre paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Altyn aý” medeni dynç alyş merkezinde ýazgy edildi. Täze ýylyň esasy nyşany bolan arça dürli öwüşginli çyralardyr, yşyklandyryjy bezegler bilen ýalkym saçyp, baýramçylygyň ruhubelentligini artdyrdy. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlar, Aýazbaba hem-de Garpamygyň gelmegi çäräniň täsirli pursatlaryna öwrüldi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän ýylymyz ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açdy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleri rowaçlyklara beslendi.
Çäräniň dowamynda bagtyýarlygyň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
B.Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20