Biz barada

3090

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda gol çeken Kararyna layklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, ozalky Jemagat hojalygy instituty Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli inženerleri we
tehnologlary taýýarlaýan döwrebap ýokary okuw jaýy bolup durýar. Iki müň talybyň bilim almagyna niýetlenen täze bilim toplumy paýtagtymyzda ýerleşýär. Onuň umumy tutýan meýdany 25 gektara barabardyr. Ak mermerli institutyň okuw binalary we ýanaşyk jaýlary Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýär. Olaryň hemmesi binagärlik we inženerçilik desgalaryň kommunikasiýalarynyň sazlaşykly we takyk işlemegi üçin zerur enjamlar hem-de gözegçilik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tehniki toplum göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 7-fakultet, 21 kafedra bolup, talyplar 31 hünär boýunça bilim alýarlar.
Institutyň dört gatly baş binasynda we dört gatly üç sany okuw binasynda rektorlyk hem-de 7 sany fakultet ýerleşýär.
Ýörite gurlan iki gatly binada ýerleşýän ajaýyp kitaphana talyplara hyzmat edýär.Bu ýerde 50 müň sany kitaba niýetlenen, açyk kitap gaznaly 350 orunlyk okalga zaly, 50 orunlyk elektron kitaphana, iş otaglary, mejlishana, aşaky gatynda 350 müň kitaba niýetlenen ýapyk kitap gaznasy ýerleşýär.
Institutyň binalar toplumynda medeni-döredijilik işleri, aýdym-saz tans, çeper döredijilik bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilendir. Mejlisler binasynda konsertleri, duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen 600 we 100 orunlyk maslahat zallary, 25 orunlyk WIP zaly bolup, olar tehniki taýdan iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir.
Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň aýdyň nusgasyny görkezýär. Öz şahsy göreldesi bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesini bu ýörelgä höweslendirýän Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda sporta ösüşiň strategik ugry hökmünde ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň binalar toplumynda ajaýyp sport toplumy guruldy. Onuň birinji gatynda woleýbol, gandbol, kiçi futbol boýunça ýaryşlary geçirmek üçin uly sport zaly, tälimçiler, eminler üçin otaglar, egin-eşik çalşylýan iki sany otag bar. Ikinji gatynda fitnes zal, işgärler üçin iş otaglary, türgenleriň dynç almagy üçin hol we lukmançylyk otagy ýerleşýär.
Institutyň okuw binalarynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan jemi 58 sany tejribehana bolup, olarda dersleri ýokary derejede okatmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu bolsa institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaklyga täze çemeleşmelerden ugur alynýandygyna şaýatlyk edýär.Talyp ýaşlar nazary bilimlerini önümçilik kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda berkidýärler.Suw üpjünçiligi tejribehanasynda suwy almagy, ilatly ýere getirmegi we sarp edijilere paýlamagy öwrenmäge mümkinçilik berýän enjamlar ýerleşdirilendir. Bu enjamlaryň kömegi bilen geljekki hünärmenler ilatly ýere berilýän agyz suwy ölçemegi, sazlamagy, tygşytlamagy, dolandyrmagy we bökdençsiz üpjün etmegi öwrenerler. Tejribenhana Inženerçilik geodeziýasy hem-de köprüler, tonneller we estakadalar gurluşygy dersleri boýunça tejribe okuwlaryny geçirmäge niýetlenendir. Inženerçilik geodeziýasy dersine degişli tejribe işler:
-geodezik ölçeg abzallarynyň gurluşygy;
-geodezik ölçeg abzallaryny barlamak we sazlamak;
-abzallar bilen dürli görnüşdäki geodezik ölçeme işlerini geçirmekligi öwrenmek;
-öçeme netijelerini matematiki gaýtadan hasaplamak işlerini geçirmek degişlidir.
Köprüleriň, tonnelleriň we estakadalaryň gurluşygy derslerine degişli tejribe işlerinde:
-awtomobil we demir ýol köprüleriň gurluş aýratynlyklary;
-asma köprüleriň konstruksiýalaryny, gurluş aýratynlyklaryny öwrenmäge;
-arka görnüşli köprüleriň konstruksiýalaryny, gurluş aýratynlyklaryny öwrenmäge;
-göni gerimli köprüleri aýdyň öwrenmäge;
-standart agyrlyk daşlary we dinamomeytrleri ulanmak arkly köprülerde özara täsir edýän güýçleri köprüleriň nusgalarynda öwrenmäge;
-köprüleriň, tonnelleriň we estakadalaryň ulanylýan döwürde olara hyzmat ediş we abatlaýyş işlerini öwrenmäge uly mümkinçilik bolar.
Institutyň täze binalar toplumynyň düzümindäki dört gatly umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamagy üçin amatly şertleriň ählisi döredilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlary dört toplumdan ybarat bolup, olaryň hersi 325 adam ýaşamaga niýetlenendir. Umumy ýaşaýyş jaýlary 87 sany ýaşaýyş bölümçelerine bölünip, olaryň hersi 2,4 we 5 adama niýetlenendir.Bu toplum dört gatly jaýlardan ybarat bolup, olaryň birinde ýaş hünärmenler üçin bir we iki otagly öýleriň 32 sanysy göz öňüne tutulypdyr. Beýleki iki sany ýaşaýyş jaýynda mugallymlaryň 32-siniň jaý toýuny toýlarlar. Türkmenistanyň obalaryny we şäherlerini gülzarlyga we bagy-bossanlyga öwrenjek geljekki ýaş hünärmenler bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynda gurlan döwrebap ýyladyşhanasynda hünär başarnyklaryny kämilleşdirerler, öz hünär ezberligini görkezýärler.

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20