TÄSIRLI GEÇEN HALKARA OKUW-USULY MASLAHAT
384 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňde baryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bilim işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri doly derejede we bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek hem-de Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerde okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, inženerçilik derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunca Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE INŽENERÇILIK DERSLERI OKATMAGYŇ USULYÝETI” atly okuw-usuly maslahaty geçirdi.
Maslahata S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň professor-mugallymlary hem gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň bilim babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, ýaşlary bilime höweslendirmek we bilimli, ylymly nesli kemala getirmek babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barasynda nygtap geçdiler.
Şeýle hem, maslahatyň çäginde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça III Halkara Açyk Internet olimpiadasy geçirildi. Internet Olimpiadasyna dünýäniň 20-ä golaý döwletleriniň abraýly uniwersitetleriniň talyplary gatnaşdylar. Olar Belarussiýa, Kanada, Çehiýa, Hytaý, Indoneziýa, Gazagystan, Germaniýa, Irlandiýa, Italiýa, Malaýzia, Polşa, Rumyniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Saud Arabystan hem-de Fransiýa ýaly döwletlerdir.
Häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek Internet olimpiadanyň esasy wezipeleri boldy.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany maslahata gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.
Dabaraly geçirilen okuw-usuly maslahaty hem-de III Halkara Açyk Internet olimpiadasy, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.