GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILEN INTERNET OLIMPIADASY
801 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň belent derejelerine eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň çäginde okuw derslerinden tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça internet olimpiadasy geçirildi.Institutyň degişli kafedralarynyň tejribeli mugallymlaryndan düzülen guramaçylyk topary tarapyndan internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirildi. Guramaçylykly geçirilen internet olimpiadasy okuwçylarda ýeňişe bolan erki terbiýelemekde hem-de öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmekde uly mümkinçilikleri döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça geçirilen internet olimpiadasy Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.