DÖWLETLI DIÝARDA TÄZE ÝYL ŞATLYKLARY

54 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kalbymyza şatlyk nuruny çaýyp, her bir döwletli ojaga egsilmez bagt getiren, rysgal-bereketli Täze ýylyň şatlygy ajaýyp dünýämizi gurşap alýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň çar künjeginde, uly şatlyk bilen garşy alynýan Täze ýylyň ata Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy täze başlangyçlara, täze sepgitlere, beýik ýeňişlere beslejekdigi baradaky aýdyň hakykat göwünlerimizi galkyndyryp, ýüreklerimizi joşa getirýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhynda, zähmetsöýer halkymyzyň durmuşynda şöhratly ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň möhüm wakalary Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Uly ösüşlere beslenen 2025-nji ýylymyzda Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýyny mähriban halkymyz uly dabara bilen belläp geçdi. Ak mermere beslenen paýtagt şäherimiz Aşgabatda halkara derejesinde maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirildi. Bu ýylda ýurdumyzda milli mirasymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirildi. Diýarymyzyň ähli bilim ojaklarynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, döredijiligimizi hem-de senetlerimizi ýaşlara düşündirmek we wagyz etmek işleri hem uly gerime eýe boldy. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi.
Şeýle ösüşlerden badalga alyp ýakynda, ýagny 2025-nji ýylyň netijeli ýeňişleriniň jemlenýän günlerinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň aýylyş dabaralary boldy. Baýramçylyk dabaralaryna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşyp Altyn Asyr, Aşgabat, Miras, Türkmenistan hem-de Ýaşlyk teleýaýlymlaryna interwýular berdiler.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri şeýle eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20