GAZANAN ÜSTÜNLIKLERIŇIZ GUTLY BOLSUN!

83 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaralar joş alýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2025-nji ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri boýunça okuwda, ylymda, sportda uly üstünliklere mynasyp bolan, jemgyýetçilik köpçülik işlerinde göreldeli zähmet çeken hem-de halkara we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara, şeýle hem halypa mugallymlara hormat hatlaryny hem-de sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Institutda döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine köpçülikleýin çekmekde, olarda bilime gyzyklanma döretmekde, şeýle hem alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar. 2025-2026-njy okuw ýylynyň I ýarymýyllygynyň dowamynda institutyň talyplary Halkara derejelerinde geçirilen ders bäsleşiklerinde birnäçe baýrakly orunlara hem-de derejeli diplomlara mynasyp bolup, altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. Talyplaryň halkara derejeli sport bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri bolsa, ýokary okuw mekdebimizde ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesini görkezdi.
Elbetde, şeýle üstünlikler ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmekde, bäsleşige ukyply ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda özüniň uly ähmiýetini ýetirer. Dabarada çykyş eden professor-mugallymlar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaly asylly işleriň ýaş nesilleriň belent borjy bolmalydygy barasynda aýdyldy. Şeýle hem, Täze 2026-njy ýylyň “GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” atly ýylyň ösüşlerden-ösüşler beslenip, ata Watanymyza şan-şöhrat getirjek ýyllaryň bir boljakdygy barada aýdyldy.
Bu geçirilen dabara, ýurdumyzda durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20