“Milli gymmatlyklamyzda zenan kalbynyň mukamy”
198 Bilşimiz ýaly Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda zenanlaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.Örän uly döredijilik kuwwatyna eýe bolan zenanlar dürli pudaklarda hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekip, ösüp gelýän nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, milli gymmatlyklary gorap saklamaga işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň nusgalyk el işlerini, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli gymmatlyklamyzda zenan kalbynyň mukamy” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzyň Adam hukuklarynyň ähliumumy Jarnamasyny ykrar etmek we halkara borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, zenanlaryň hukuklary we azatlyklary babatda esasy halkara resminamalara goşuldy. Şolaryň hatarynda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşleri ýok etmek boýunça Konwensiýany, Pekin Jarnamasyny, Aýallaryň we gyzlaryň hukuklarany we mümkinçilikleri yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň platformasyny, Zenanlaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany, Halkara Zähmet Guramasynyň Deň gymmatlykdaky zähmeti üçin erkekleri we aýallary deň sylaglamak baradaky Konwensiýany we beýlekileri görkezmek bolar.
Bagtyýarlygyň başynda duran, halkyň umyt-arzuwlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
B.Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.