HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÝDYŇ ÖSÜŞLERI

112 5-nji dekabrda ýurdumyzda bellenip geçilýän Täze ýyl baýramy hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan gurnalan “HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YNAMLY GADAMLARY” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabarada edilen çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri, bu şanly ýylda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkara hyzmatdaşlyklar, ýokary gurmaçylykly geçirilen halkara forumlardyr maslahatlar barada aýdyň beýan edildi.
Bu geçirilen dabara mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Ösüşlerden-ösüşlere öňe barýar Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna täze sahypany ýazýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz toplanan tejribäni, häzirki şertleri we uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli dialogy yzygiderli ösdürýär.
2025-nji ýylyň wakalary hem-de jemleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam bermäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Şular barasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby barasynda halypa mugallymlaryň söhbetdeşlikde eden çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Eziz Diýarymyzdaky asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ýol-ýörelgeleriniň aýdyň subutnamasydygy her bir çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Bu geçirilen söhbetdeşlik, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20