16-njy fewralda ylmy-intellektual bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys

15 2026-njy – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ulag kommunikasiýa toplumy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant bolsa, beýleki tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň global ykdysady ulgamda ornuny barha berkidýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan halkara ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň yzygiderli kämilleşdirilýän multimodal ulag düzümi sebitara ulag-logistika merkezi höküminde çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda talyplaryň nazary bilimlerini artdyrmak, pikirleniş we ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, olary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigi yglan edýär.
1. UMUMY DÜZGÜNLER
1.1. Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigini (mundan beýläk «bäsleşik») guramagyň we geçirmegiň esasy düzgünlerini we tertibini kesgitleýär.
1.2. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.
1.3. Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, türkmen dilinde taýýarlanan test soraglara jogap bermek arkaly geçirilýär.
2. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI
2.1. Bäsleşigiň maksady aşakdakylardan ybarat:
-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, diplomatiýanyň ugurlary (ykdysady, ulag, energetika, ylmy, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki diplomatiýa) boýunça işjeň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek;
-ýurdumyzyň daşary syýasatyny we halkara ykdysady gatnaşyklaryny ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak;
-ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda bilim, ylmy-intellektual gatnaşyklary has-da ösdürmek.
2.2. Bäsleşigiň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:
-Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlaryndan ýokary hilli bilimi we Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk maksatlaryna ýetmek üçin işleri amala aşyrmak;
-ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
-döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplaryň intellektual başarnyklaryny ýüze çykarmak;
-talyp ýaşlary ylmy täzeçillige höweslendirmek;
-ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek;
-ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň döwrebap usullaryny ulanmak;
-talyp ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek, okuw-bilim-ylym tejribeligini alyşmaga ýardam bermek.
3. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ TERTIBI
3.1. Bäsleşigi geçirmek üçin Guramaçylyk topary döredilýär we onuň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
3.2. Bäsleşigi geçirmegiň tertibini, guramaçylyk işlerini we möhletini Guramaçylyk topary kesgitleýär.
3.3 Bäsleşige her ýokary okuw mekdepden 2 talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.
3.4 Bäsleşige gatnaşjak talyplar barada maglumatlar nusga laýyklykda tituki.ylym.bolum@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 14-ne çenli ugradylmalydyr.
3.5 Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gelip gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 16-na Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň elektron kitaphanasynda geçirilýär.
3.6 Bäsleşige gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy bilen baglanyşykly 100 soragdan ybarat teste jogap berýärler.
3.7 Bäsleşigiň test soraglaryny düzmek, saýlap almak we gatnaşyjylara hödürlemek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
3.8 Test soraglaryna jogap bermek üçin umumy 80 minut wagt berilýär.
3.9 Eger gatnaşyjy bellenen wagtyň dowamynda soraglara jogap berip ýetişmese, kompýuter awtomatik ýagdaýda işini bes edýär. Şeýle ýagdaýda gatnaşyjynyň jogap berip ýetişen soraglarynyň netijeleri hasaba alynýar.
3.10 Her bir dogry jogaba 1 bal, nädogry jogaba 0 bal berilýär.
3.11 Bäsleşigiň geçirilişine Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumat merkezinde onlaýn ýagdaýynda eminler topary tarapyndan gözegçilik edilýär.
3.12 Bäsleşige gatnaşyjynyň kesekiniň kömeginden, emeli aňyň we beýleki öz başarnygyny ýüze çykarmaýan mümkinçiliklerinden peýdalanandygy eminler topary tarapyndan ýüze çykarylan halatynda, ol bäsleşikden çykarylýar we netijeleri hasaba alynmaýar.
3.13 Bäsleşigiň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen onuň netijeleri kompýuteriň kömegi bilen jemlenilýär. Eminler topary kompýuteriň görkezen netijelerini seljerip, ýeňijileri kesgitleýär.
3.14 Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli Diplomlar bilen sylaglanylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20