Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa respublikasyna döwlet sapary barada söhbetdeşlik

606 Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Koreýanyň dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlaryna hormat goýýandygyny belledi. Koreýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş AssambleýasynyňTürkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryny hemişe goldap çykyş etdi. Türkmenistan hem Koreýa Respublikasynyň bu ugurdaky başlangyçlaryna goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň goldandygy we onuň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýandygyny, munuň iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm ähmiýetli senedigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu şanly senäni iki ýurtda hem giňden bellemegi, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagy teklip etdi.
Döwlet saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasy” işewürlik sammiti geçirildi.
“Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar” diýip, Arkadagly Gahryman Seradrymyz aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle duşuşyklar ähli pudaklarda ösüşleriň bolmagyna ykdysadyýetiň ilerlemegine ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim, ulag-logistika, saglygy goraýyş we başgada birnäçe ösüşleriň bolmagyna ýardam eder.
Pursatdan peýdalanyp Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Koreýanyň baýry uniwersiteti tarapyndan syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülnabat Daňatarowa.,“Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20