“Garaşsyz bitarap Türkmenistanym- dünýä dolýar parahatlyk mukamyň” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
1788 Ählimize mälim bolşy ýaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana türkmen halkymyz baş baýrama - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Bu ýörelge indi bizde asylly däbe öwrüldi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli, paýtagtymyzda ýerleşýän “Altyn aý” toý mekanynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň bilelikde taýýarlan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramgül Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar Guramasynyň başlygy