Milli Liderimiziň millilik taglymatlary
289 Ählimize mälim bolşy ýaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana türkmen halkymyz baş baýrama - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Bu ýörelge indi bizde asylly däbe öwrüldi."Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistan 2022-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Milli maksatnamasy" we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde uly ösüşler gazanyldy."Döwlet adam üçindir!" diýen ýörelgeden, "Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir" diýen şygardan ugur alyp, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler, giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli, paýtagtymyzda ýerleşýän “Altyn aý” toý mekanynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň bilelikde taýýarlan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Bayramgul Kulyýewa , Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy