MUKADDES GARAŞSYZLYK BAGTYÝARLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BINÝADYDYR

7 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “MUKADDES GARAŞSYZLYK BAGTYÝARLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BINÝADYDYR” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Mukaddes Garaşsyzlyk baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Many-mazmunly çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Garaşsyzlyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy.Baýramçylyk mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20