Gadamyň batly bolsun “Gadamly”
432 Berkarar deöwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan syýasatyny, tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek her bir pudagyň, şol sande hem Türkmenistanyň ulag pudagynyň wajyp wezipeleriniň biridir.Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz Daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şol gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň çäginde 2019-njy ýylyň aprel aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmen-koreý işewürler geňeşi döredildi. Umuman, Koreýa tarapyndan dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin tanyşlyk saparlaryny geçirmek, tälim beriji okuwlary we maslahatlary guramak baradaky başlangyçlary öňe sürüldi.
Häzirki wagtda Dünýä boýunça Super we Mega gämileri gurmakda günorta Koreýa döwleti ilkinji orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz bu abraýly gurama bilen bileleşip Dostluk gämisini gurmaklyga şertnama baglanyşyldy.
2025-nji ýyly Noýabr aýynyň 4-ne Şänly wakalaryň biri hem, Türkmenistan Döwletimizde ilkinji gurulan “Gadamly” atly gämisiniň deňiz suwuna düşürmek dabarasy geçirildi. Bu dabara gämiçilikde deňiz dessuryna laýyklykda täze gurulan gäminiň rysgal-bereketli, asuda, parahat, howpsyz ýüzmekligini arzuw edilmegidir. Bu hem täze dogan çagany ilkinji gezek suwa düşürmek dessuryny aňladyp, gämini suwa düşürmek dabarasy bütin Dünýä boýunça dabaralanyp bellenilýär. Bu Şanly waka türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakadyr. Nesip bolsa, konteýner daşamaklyga niýetlenen, 6100 tonna ýük göterijiligi bolan bu gury ýük gämisi hazarýaka döwletlerine öz ýüzüşlerini amala aşyryp, ýük daşamakda ýokary orunlara eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine abraý getirer.
Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalarynyň institutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň “Gämi gurluşygy” hünariniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Aýrat hem, şol dabarada gämi gurluşygyna gatnaşan institutymyzyň uçurymlarynyň abraý bilen çeken zähmetlerine koreý ýolbaşçylary tarapyndan ýokary baha berilmegi bolsa, biz mugallymlar üçin örän guwandyryjy waka boldy.
Ýeri gelende bellenilmeli zatlaryň biri hem, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary ýurtly hünärmenleriniň bu ulgamda bileleşip iş alyp barmaklary ýaş hünärmenleriň kämilleşmeginde aýratyn uly şert döredi. Hususan-da daşary ýurt hünärmenler bilen tejribe alyşmagy biziň taýýarlan hünärmenlerimiziň dünýä tehnologiýasandan doly baş çykaryp bilmekligine, täze programma mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaklarynda has-da uly mümkinçilikler açyldy.
Türkmen halky üçin şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän, bize we talyp ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sag bolsun aýdýarys!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gyzylgül Gurbanowa.,“Suw ulagynyň ulanylyşy”
Kafedrasynyň uly mugallymy