Talyp ýüregimiň buýsanjy

20287 Bu bagtyýar ady almak bagty maňa miýesser bolanyna meniň göwnümiň ganatlary pajarlap uçdy. Çünki bu Watanda ýaşap, bu Watanda ir bilen dogan güne salam berip, ilkinji ädimlerimi bu ajaýyp okuw jaýynyň basgançaklaryna ätmek bagtynyň miýesser edenine, talyp deň-duşlarymyň hem meniň bilen deň ädim urup, gujurly nesilleriň Watan gelejegini ylym, bilim bilen ösdürmek üçin okajakdygyna ynamym bakydyr. Çünki bu Watanda ýaşlara okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de ýaşlara baş bolup duran, gursagy hyjuwdan doly Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiz bar. Biziň buýsançly bakyşlarymyzda Watan gül açýar, ýaşlaryň bagtyýar gelejegi bolan bilim dünýäsiniň pajarlamagy bolsa, ilkinji nobatda Watan özgerişiniň mysallarydyr. Şeýle gujurly, bagtyýar nesilleriň ylhamly ýaşlaryň gelejege barýan bilimli gadamlaryna meniň hem ädimlerimiň goşulandygy üçin men bu gün Watanmyzyň iň bagtyýar talyplarynyň biridirin!
Biziň halkymyzda “Sport saglygyň girewidir” diýen ýaly pähimler hem bar. Şeýle pähim-parasatlardan ugur alyp men ýurdumyzda sagdyn ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe sport bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. 2024-nji ýylda Söweş sambosy boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde III orna mynasyp boldum.
Men hem talyp ýüregimiň buýsançly joşguny bilen gelejekde Watana gerekli ýaşlaryň biri bolup ýetişmek üçin okuwymy göreldeli okap, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza mynasyp ýaşlaryň biri boljakdygyma ynandyrasym gelýär.
Maňa bu buýsanjy beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimdäki sagbolsunlarymyň çägi ýokdur. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gurbanmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20