Kärhanalaryň ykdysady görkezijilerine ulag logistikasynyň kämilleşmeginiň ähmiýeti
27066 Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ähli ugurlar boýunça depginli ösüşlere eýe bolýar. Biziň senagatlaşdyrylan ykdysadyýetimizde ulag logistikasy esasy ulgam emele getiriji pudaklaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda kuwwatly ulag-logistiki ulgam esaslandyrylýar.Milli ykdysadyýetimizde hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk hem gowulandyrmak üçin, ulag-logistiki ulgamyň ösüş depginleriniň has hem ýokarlandyrylmagynyň zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň içerki ulag pudagynyň kämilleşdirilmegi, halkara ulag-logistika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygynyň işjeňleşdirilmegi we bu ugurdaky bulardan başga-da alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem ösmegine uly ýardam edýär. Bu çäreler içerki önümiň özüne düşýän bahasyny arzanlatmak, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak ýaly maksatlar üçin amala aşyrylýar.
Awtomobil ulaglarynyň görnüşleri we ýüküň toparlanylyşy boýunça differensirlemek arkaly, ýükleri daşamagyň hyzmatlary üçin nyrhlar bellenilen ölçeg birliginde kesgitlenilýär. Ulag-logistiki resminamasy düzülende, awtoulag serişdesiniň degişli görnüşiniň netijeli ulanylmagy göz öňünde tutulyp, ýükleri daşamagyň hyzmatlarynyň nyrhlary boýunça harajatlar kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, howa ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary goldamak we ösdürmek üçin, bäsdeşlige ukyply milli logistikanyň emele gelmegine aýratyn üns berilýär. Logistikanyň ösdürilmegi we diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimizву içerki önümiň paýy gitdigiçe artýar. Ulag-logistika pudagynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, ykdysadyýetimizde söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna getirýär hem-de hereket edýän önüm öndüriji kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.
Netije. Kärhanalaryň ykdysady görkezijilerine ulag logistikasynyň hyzmatlaryna edilýän çykdajylar uly täsir edýär. Şol sebäpli öndürilýän önümleriň özüne düşýän bahasyny arzan derejede üpjün etmek üçin, bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyklykda, önümçilik prosesiniň ähli derejelerindäki çykdajylaryň çäklendirilmegi, şol sanda ulag-logistiki işleriniň optimallaşdyrylmagy zerurdyr. Bu maksatlar üçin ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Goýberilýän önümleri importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilýän harytlary öndürýän döwlete degişli we hususy kärhanalary köpeltmek bilen bagly alnyp barylýan syýasata baglylykda, bu kärhanalara hyzmat edýän logistika edara-kärhanalarynyň sany hem barha artýar. Olar sagdyn bäsdeşlik arkaly önüm öndürijiler bilen ulanyjylaryň arasynda möhüm zynjyr bolup hyzmat edýärler.
Döwranguly Mämmedow 21.07.2025
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy