«ÇALSANA, BAGŞY!» DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
723 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmek maksady bilen, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bu döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instutynyň mugallymy Annagulyýew Ahunberdi hem gatnaşyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Institutyň Ylym bölümi.