KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

749 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni beýik ösüşlere we şanly wakalara beslenýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda geçirilýän Ahlihalk bag ekilişine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bag ekiliş çäresi geçirildi.
Häzirki döwürde ýaş nesle döwrebap ekologik bilim we terbiýe bermekde, olarda kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde ýokary okuw mekdebinde ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän bag ekmek we olara ideg etmek işlere aýratyn orun berilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin miras goýmak Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.
Ýokary okuw mekdebiň çägindäki baglara ideg etmek we agaç nahallaryny oturtmak bilen bagly geçirilen ýowar işleri talyplaryň ekologik bilimini artdyrmaga, olaryň ekologiýa babatda medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda geçirilýän Ahlihalk bag ekilişine bagyşlanyp geçirilen bag ekiliş çäresi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Rahymgeldi Rahmangeldiýew, “Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20